18.06.2009
UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň meseleleri boýunça milli seminar
Düýn türkmen paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça Bütindünýä mirasynyň desgalaryny nominirlemegiň meselelerine bagyşlanan ilkinji ýörite seminar-trening açyldy. Ol UNESKO-nyň Tährandaky Sebitleýin edarasy Türkmenistanyň UNESKO-nyň işleri boýunça Milli topary bilen bilelikde guraldy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň mejlisler zalynda geçirilýän foruma ýurdumyzyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň we Tebigaty goramak ministrliginiň esasy hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet taryhy-medeni, tebigy goraghanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy. Şu mynasybetli UNESKO-nyň bütindünýä mirasy goramak boýunça Konwensiýany ýerine ýetirmek baradaky halkara eksperti hanym Junko Taniguçi Aşgabada ýörite geldi.
Beýik we gadymy taryhy we medeniýeti bolan hem-de dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan Türkmenistanda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, onuň milli tebigy baýlygyny goramak, gaýtadan dikeltmek we wagyz etmek döwlet ösüşinde ileri tutulýan möhüm ugur hökmünde ykrar edildi. 1994-nji ýylda ýurdumyz bütindünýä mirasy boýunça Konwensiýany tassyklap, täsin medeni ýadygärlikleriň hemmetaraplaýyn öwrenilmegine we gaýtadan dikeldilmegine, türkmen topragynyň goralýan zolaklarynyň aýawly saklanylmagyna gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Täze taryhy eýýamda bu babatda ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça şu ugurda halkara guramalary bilen ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlyk täzeden ösdürilip, onuň mazmuny baýlaşdyrylýar. Şu ýylyň maýynda türkmen döwletiniň Baştutanyna UNESKO-nyň ýokary sylagy hasaplanýan «Awisenna» Altyn medalynyň gowşurylmagy medeni-taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamak, olaryň adamzat siwilizasiýasynyň taryhyndaky möhüm ähmiýetini wagyz etmek işinde görnükli hyzmatlaryň bitirilýändigini görkezýän subutnama öwrüldi. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň täzeden döredilen Ylymlar akademiýasynyň garamagynda ylmy-barlag institutlarynyň ulgamyny döretmek baradaky Karara gol çekmegi döwlet derejesinde uly ähmiýetli ädime öwrüldi.
Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin, UNESKO-nyň dünýä derejesinde gymmatly ähmiýete eýe bolup durýan ýadygärlikleri nominirlemegiň meseleleri boýunça esasy ekspertiniň gatnaşmagynda geçirilýän üç günlük milli forum bu guramanyň şu ugurdaky milli potensialy güýçlendirmek üçin kömek bermegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň birinji tapgyryna degişlidir. Onuň maksady medeniýet boýunça hünärmenlere we ekologlara Türkmenistanyň çäginde ýerleşip, bu abraýly sanawa goşmaga mynasyp görülýän potensial medeni-taryhy ýadygärlikleriň we tebigy künjekleriň nominasiýasy boýunça ylmy taýdan delillendirilen resminamalaryň toplumyny taýýarlamagy we işläp düzmegi öwretmekden ybarat bolup durýar. UNESKO-nyň wekiliniň bellemegine görä, nominasiýa hödürlenýän ýadygärlige täsin we özboluşly obýekt hökmünde baha berilmegi şol resminamalary taýýarlamak boýunça örän çylşyrymly we zähmeti köp talap edýän işiň ýerine ýetirilişine baglydyr. Bütindünýä mirasynyň Konwensiýasyny ýerine ýetirmek boýunça Gollanmanyň kadasyna laýyklykda nominasiýa degişli ýadygärlikler diňe bir milli çäklerde däl-de, ähli ýerde häzirki we geljekki nesiller üçin örän gymmatly ähmiýete eýe bolmalydyr. Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä mirasyna degişli obýektiň statusy şunuň ýaly täsin tebigy we medeni toplumlaryň bitewiligine aýawly saklanylmagy boýunça goşmaça kepillendirmeleri döredýär, olaryň at-abraýynyň beýgelmegine we wagyz edilmegine, dolandyryşyň we gözegçilik etmegiň, şol sanda ekologik taýdan gözegçiligiň netijeli ulgamynyň döredilmegine ýardam berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň uly taryhy-arhitektura ýadygärlikleri—dünýä medeniýetiniň ösüşiniň gadymy ojaklary hasaplanýan Parfiýanyň Nusaý galasy, Gadymy Merw we Köneürgenç UNESKO tarapyndan goralýar.
Seminaryň birinji gününde Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin obýektleriň nominasiýasyna tapgyrlaýyn taýýarlyk görmegiň barşy barada umumy syn berildi. Okatmagyň interaktiw usuly boýunça tebigy ýadygärlikleriň alty nominasiýasynyň Deslapky sanawy bilen tanyşdyryldy, häzirki wagtda ol eýýäm Parižde (Fransiýa) Bütindünýä mirasynyň merkeziniň garamagyna berildi. Şol sanawa gadymy türkmen topragynyň täsin künjekleri hasaplanýan Amyderýa, Repetek, Hazar, Köýtendag, Bathyz we Sünt-Hasardag goraghanalary goşuldy. Türkmenistanyň medeni mirasynyň seriýalaýyn nominasiýasynyň Deslapky sanawy bilen tanyşdyrylyş ýygnananlar tarapyndan içgin ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanawa potensial obýektleriň 29-sy goşulypdyr. Olaryň arasynda gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ajaýyp medeni-taryhy ýadygärlikler bar. Seminaryň işiniň barşynda nominirlenmäge degişli obýektleriň kabul edilen halkara ölçeglerine laýyklykda identifikasiýa edilmegi, olaryň suratlandyrylyşy, ylmy taýdan delillendirilişi boýunça resminamalary taýýarlamagyň käbir tapgyrlaryna jikme-jik garaldy. Şeýle hem resminamalaryň toplumynda ýadygärlikleri goramak hem-de olaryň aýawly saklanylmagyna ýaramaz täsir edýän ýagdaýlar baradaky maglumat, dolandyryş boýunça meýilnama we beýlekiler bar.
Su gun seminar öz işini dowam etdirer.



