Türkmentel-2009
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlaryň
we teleradioýaýradyş enjamlaryň atly halkara sergisi we ylmy amaly maslahaty
BAS PUDAGYN GAZANLARY GATNASYJYLAR GATNASYJY BOLUN ru | en
Katalogda bellige almak üçin ýüzlenme

Sergä gatnasmak barada resminamalaryn sanawy (talaplyk-sertnama)

Goşmaça enjam üçin talapnama

Wiza üçin talapnama


Mahabat katalogyna maglumat


Ministrlik

Gumruk haty

Rezidentler

Talaplyk şertnama


:: Hyzmatdaşlyk ::
22.06.2009
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň delegasiýasy tatar halkynyň baýramçylygy—Sabantuý mynasybetli şu gün bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşdy ›››

19.06.2009
Türkmenistan dünýä metbugatynyň sahypalarynda. «Belarus segodnýa» atly neşiri okyjylaryna «Hazardaky oazis» barada aýdyp berdi ›››

:: Sport we Syyahatcylyk ::
22.06.2009
Saglyk ýoluna köpçülikleýin çykylmagy bilen neşeleriň ulanylmagyna we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň Halkara gününe bagyşlanan çäreleriň tutuş toplumyna badalga berildi ›››
22.06.2009
Türkmen ýeňil atletikaçylary Almatyda däbe öwrülen halkara bäsleşiklerinde iki ugur boýunça ýurdumyzyň rekordlaryny täzeläp, dürli medallaryň sekizisini eýelediler ›››

:: Medeniyet we Miras ::

20.06.2009
Türkmen paýtagtynda «Baýram han we Mogollar şadöwleti» atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady ›››
18.06.2009
Aşgabatda UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň meseleleri boýunça milli seminar açyldy ›››



20.06.2009

Baýram han türkmeniň ömri we döredijiligi milli we dünýä ruhy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir

Türkmen paýtagtynda «Baýram han we Mogollar şadöwleti» atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda guralan we geçirilen wekilçilikli foruma gatnaşmak üçin dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan alymlar türkmen topragyna geldiler. Azerbaýjan, Ermenistan, Owganystan, Belarus, Beýik Britaniýa, Gruziýa, Müsür, Hindistan, Eýran, Ispaniýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Siriýa, ABŞ, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan, Ukraina, Çehiýa, Günorta Koreýa we elbetde, Türkmenistan — Muhammet Baýram han Türkmeniň ömrüne we döredijiligine, onuň mirasyny öwrenmek we wagyz etmek meselelerine bagyşlanan duşuşygyň «geografiýasy» şeýledir. Halkara konferensiýanyň işi döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ylym ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli reformalary durmuşa geçirmekde möhüm ädimleriň biri boldy. Umumadamzat ruhy gymmatlyklar jähtinden taryhy, türkmen nusgawy edebiýatyny öwrenmek problemalary halkara maslahatynyň üns merkezinde boldy.

«Täze Galkynyş eýýamy we Mogollar eýýamy», «Gündogaryň gaýtadan dikelişi we Hindistanyň türkmen edebiýaty», «Dünýä taryhynda Mogollar imperiýasy», «Baýram han Türkmeniň edebi mirasy we türki dilli edebiýatyň ösüşiniň aýratynlyklary», «Baýram han Türkmeniň eserleri pars dilinde» atly bäş sany ylmy bölümde Baýram han Türkmeniň ömri we döredijiligi boýunça çekişmeler guraldy.

Bölümleriň işiniň barşynda ajaýyp türkmen şahyrynyň we taryhy işgäriniň Gündogar halklarynyň dilini we edebiýatyny ösdürmekdäki ornuna bagyşlanan birnäçe gyzykly habarlar diňlenildi, beýik Galkynyş eýýamynda Baýram hanyň döredijilik mirasyny öwrenmek bilen baglanyşykly derwaýys meselelere garaldy. Şeýle hem Baýram hanyň şygryýet döredijiligini öwrenmegiň, onuň eserlerine ylmy taýdan syn bermegiň metodikasy babatda pikir alyşmalar boldy.

Baýram han döredijilik şahsyýeti hem-de döwlet işgäri hökmünde özüniň çylşyrymly we ajaýyp eýýamynyň beýik ogludyr hem-de beýik intellektual jemgyýetiň aýdyň beýanydyr. Ol ylymda «Orta asyryň Gündogar nusgawy medeniýeti» diýlip atlandyrylýan belent intellektual jemgyýetiň ajaýyp wekilidir diýip, foruma gatnaşyjylar bellediler. Onuň döreden eserleriniň häzir hem derwaýyslygyny ýitirmeýändigi nygtaldy. Şol eserler ahlak gymmatlyklarynyň — hakyky dostlugyň we açyklygyň, päkligiň we belent mertebäniň, zähmeti söýüjiligiň, ahlak taýdan öz-özüňi kämilleşdirmegiň we belent söýginiň senasyna öwrüldi.

Alymlar şahyryň döredijilik ýoluny açyp görkezýän taryhy-edebi materiallary hem ara alyp maslahatlaşdylar. Olaryň belleýşi ýaly, Gündogaryň halklarynyň çeperçilik pikirini ösdürmäge uly täsir eden Baýram hanyň döredijiliginiň ähmiýeti milli çäklerden çykýar we mundan beýläk hem çuňňur hem-de hemmetaraplaýyn öwrenilmegini talap edýär.

Halkara ylmy maslahatyň ýapylyş dabarasynda onuň işiniň jemleri jemlenildi. Ýygnananlaryň nygtaýşy ýaly, şu maslahat Baýram hanyň ömri we döredijilik ýoly baradaky bilimleri ep-esli giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem halkara ylmy we medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga saldamly goşant goşdy. Dünýä ylmyny ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döreden mümkinçiligi üçin Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, duşuşyga gatnaşyjylar ysnyşykly we netijeli ylmy hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.