22.06.2009Turkmen Dowlet habarlar gullugy
Gusman Kosanowyň memorialynda türkmen ýeňil atletikaçylarynyň üstünligi
Türkmen ýeňil atletikaçylary Almatyda däbe öwrülen halkara bäsleşiklerinde iki ugur boýunça ýurdumyzyň rekordlaryny täzeläp, dürli medallaryň sekizisini eýelediler, bäsleşikler gazagystanly uzak aralyga ylgaýjy, 4x100 metrlik estafetada 1960-njy ýylyň Rimde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Gusman Kosanowyň ýadygärligine bagyşlandy. Halkara ýeňil atletika federasiýasynyň (IAAF) howandarlygy astynda 19-njy gezek geçirilýän memorialyň badalgalaryna 6 ýurduň—Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň sportsmenleri gatnaşdylar.
Türkmen sportsmenleri ýekedabany uzak aralyga zyňmakda örän oňat çykyş etdiler we hormat münberiniň ähli basgançaklaryny eýelediler. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Amanmyrat Hommadow iň ýokary sylagyň eýesi boldy. 20 ýaşly sport ussatlygyna dalaşgär, 2008-nji ýylyň Pekin olimpiadasyna gatnaşyjy öz kakasy Annaçary Hommadowyň tälimini alýar, ol Türkmenistanyň täze rekordyny goýup, ýeňiş gazandy, ýekedabany 64 metr 23 santimetr aralyga zyňdy. Şondan öňki—62 metr 85 santimetr rekord Aşgabatda 2005-nji ýylyň 12-nji noýabrynda sport ussady Döwletgeldi Mämmedow tarapyndan goýlupdy. Almatyda bolsa ol 58 metr 5 santimetrlik netije bilen baýrakly üçlügiň soňky ornuny eýeledi. Kümüş medal bolsa 58 metr 84 santimetrlik netije görkezen Mergen Mämmedowyň paýyna düşdi.
Ýekedabany zyňmakda ýene bir kümüş medaly, ýöne gyzlaryň arasynda, sport ussady, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Aýna Mämmedowa gazandy, onuň görkezen netijesi 43 metr 46 santimetre barabar boldy.
Türkmenistanyň toparynyň medallar ýygyndysyna Merjen Işangulyýewa kümüş medallaryň ikisini getirdi. 21 ýaşly sport ussady tekiz ýerde ylgamakda 400 metr aralygy 55,08 sekuntda geçip, pellehana geldi, 400 metrlik päsgelçilikli aralyga ylgamakda bolsa ol 58,47 sekuntlyk netije bilen Türkmenistanyň täze rekordyny goýdy.
Bürünç medallarynyň ikisi disk zyňmakda aşgabatlylar Kerim Begliýewiň (47 metr 53 santimetr) we üçürdikläp bökmekde Döwran Agalyýewiň (15 metr 53 santimetr) paýyna düşdi.
Bizin baýraga mynasyp bolan sportsmenlerimizin ählisi Asgabat säherinin sport komitetinin ýenil atletika sport mekdebinin we Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetinin ýokary sport ussatlygy mekdebinin terbiýeläp ýetisdirenleridir.



