22.06.2009Turkmen Dowlet habarlar gullugy
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip
Saglyk ýoluna köpçülikleýin çykylmagy bilen 26-njy iýunda bellenilip geçilýän Neşeleriň ulanylmagyna we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň Halkara gününe bagyşlanan çäreleriň tutuş toplumyna badalga berildi. Bu uly çäre Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy we ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan guraldy.
Ir bilen Giňdiwaryň eteginde, 8 kilometrlik Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň talyp ýaşlary ýygnandylar. Dabaraly ýörişe gatnaşyjylara çeper höwesjeň artistleriň ýerine ýetiren milli aýdym-sazlary, sportsmenleriň görkezme çykyşlary şatlyk paýlady.
Türkmenistanda Neşeleriň ulanylmagyna we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň Halkara güni däp bolşy ýaly giňden bellenilýär. Bu giň jemgyýetçiligiň ünsüni häzirki wagtda bütin adamzat üçin uly howp bolup durýan wajyp meselä çekmek üçin oňat mümkinçilik bolmak bilen çäklenmän, eýsem, raýatlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmäge, olarda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek endiklerini terbiýelemäge hem mümkinçilikdir.
Saglyk ýoluna çykylmagynyň öň ýanynda geçirilen ýygnakda bellenilişi ýaly, Neşekeşlige we neşeleriň ýaýradylmagyna garşy aýgytly we barlyşyksyz göreşmek Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şol syýasatyň düýp maksady bolsa her bir türkmenistanlynyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.
2006—2010-njy ýyllarda Neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň we neşe serişdelerini ulanýanlara olardan arany açmakda kömek bermegiň Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen Türkmenistanda neşe serişdeleriniň kontrabandasynyň we neşekeşligiň öňüni almak boýunça çynlakaý işler amala aşyrylýar. Diňe soňky ýyllarda Türkmenistan BMG-niň örän wajyp konwensiýalarynyň tutuş tapgyryna goşulyp, möhüm halkara we sebit taslamalara hem-de maksatnamalaryna gatnaşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň döredilmegi bu ugurdaky ýene bir möhüm ädim boldy. Ol häzirki wagtda jemgyýetde kanunçylygy we hukuk düzgün-tertibini berkitmek, indiki nesilleriň geljegini howp astynda goýýan ýowuz nägehana garşy durmakda tagallalary jebisleşdirmek boýunça netijeli gural hökmünde çykyş edýär. Geçen aýyň ahyrynda kabul edilen «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny hem bikanun ýol bilen gazanylan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna gönükdirilen islendik hereketleriň öňüni alar.
Şeýlelikde, ýüzlerçe, belki-de, müňlerçe türkmenistanlylaryň gatnaşan häzirki çäreleri Türkmenistanyň döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmagyň netijeli ýollaryny agtarýan dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygynyň we onuň milli hem-de umumadamzat bähbitleriniň goragynda aýgytly durmagynyň ýene bir jedelsiz subutnamasydyr.



