Türkmentel-2009
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlaryň
we teleradioýaýradyş enjamlaryň atly halkara sergisi we ylmy amaly maslahaty
BAS PUDAGYN GAZANLARY GATNASYJYLAR GATNASYJY BOLUN ru | en
Katalogda bellige almak üçin ýüzlenme

Sergä gatnasmak barada resminamalaryn sanawy (talaplyk-sertnama)

Goşmaça enjam üçin talapnama

Wiza üçin talapnama


Mahabat katalogyna maglumat


Ministrlik

Gumruk haty

Rezidentler

Talaplyk şertnama


:: Hyzmatdaşlyk ::
22.06.2009
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň delegasiýasy tatar halkynyň baýramçylygy—Sabantuý mynasybetli şu gün bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşdy ›››

19.06.2009
Türkmenistan dünýä metbugatynyň sahypalarynda. «Belarus segodnýa» atly neşiri okyjylaryna «Hazardaky oazis» barada aýdyp berdi ›››

:: Sport we Syyahatcylyk ::
22.06.2009
Saglyk ýoluna köpçülikleýin çykylmagy bilen neşeleriň ulanylmagyna we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň Halkara gününe bagyşlanan çäreleriň tutuş toplumyna badalga berildi ›››
22.06.2009
Türkmen ýeňil atletikaçylary Almatyda däbe öwrülen halkara bäsleşiklerinde iki ugur boýunça ýurdumyzyň rekordlaryny täzeläp, dürli medallaryň sekizisini eýelediler ›››

:: Medeniyet we Miras ::

20.06.2009
Türkmen paýtagtynda «Baýram han we Mogollar şadöwleti» atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady ›››
18.06.2009
Aşgabatda UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň meseleleri boýunça milli seminar açyldy ›››



19.06.2009
Sergeý KANAŞIS («Belarus segodnýa», 2009-njy ýylyň 16-njy iýuny)

Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň birinji nobatdakysynyň desgalary açyldy

Bir ýyl mundan öň Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ata Gündogdyýewden ynanç hatyny kabul edip şeýle nygtady: «Biz hemişe özümizi bölýän zatlardan däl, eýsem, uzak wagtlap bir bitewi döwletde ýaşan biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy birleşdirýän, ýakynlaşdyrýan zatlardan ugur alarys». Şondan birneme soňrak döwlet Baştutany Ilçi bilen söhbetdeş bolup, ýakyn wagtlarda diplomatyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň Minskä saparyny guramaly boljakdygyna» ynam bildirdi.

...Şu günler Türkmenistanyň diňe geografiýa taýdan uzakdadygyna göz ýetirmek bagty maňa miýesser etdi: çünki uzak wagtlap uçmaly boldy... Emma biz, belarus žurnalistler topary türkmen topragyna gadam basan pursatymyz bada-bat bu ýerde özümizi öýmüzde ýaly duýduk. Bu ýeriň adamlary hem edil biz ýaly asuda, arkaýyn, gurply ýaşaýan adamlar ekeni. Dogrusy, munuň özi diňe bir meniň pikirim hem däl.

Elbetde, bütin dünýäniň žurnalistleri çagyrylan waka bizi bütinleý haýran galdyrdy we özüne çekdi.

Düýn bize Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak bagty miýesser etdi. Deňziň kenaryndaky bu täsin şypahana dürdänesini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi açdy we munda uly many bardyr.

Bada-bat bir zady belläp geçmekçi: bu desgalar özboluşly, täsin desgalardyr! Göz öňüne getirip görüň: çölde el bilen döredilen täsin jülge peýda boldy, ony ýazyp beýan etmek üçin žurnalistler «Gündogaryň Las-Wegasi», «Emirlikleriň gözel künjegi»... diýip, dünýä derejesinde iň ajaýyp deňeşdirmeleri ulanýarlar.

Maňa gözüm bilen görmek miýesser eden, Gün şuglasy astyndaky ak mermere örtülen bu desgalar edil ertekiler ýaly göwnüňi göterýär...

Şu gün bu ýerde üç sany ajaýyp myhmanhananyň açylyş dabarasy bolup, simwoliki lentalar kesildi. Soňra bolsa deňizdäki we kenardaky suw çüwdürimlerini özünde jemleýän seýilgäh toplumyny döretmek, lyža-sport binasyny gurmak, howa menzili—Awaza awtomobil ýolunda estakadaly köprüleri, medeni—dynç alyş merkezini, sport meýdançalaryny, suw basseýnini we supermarketi bina etmek, köpdürli myhmanhanalaryň gurluşygyny dowam etdirmek meýilleşdirilýär.

Gurulmagyny 2020-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýän şypahana Türkmenbaşy (öňki Krasnowodsk) şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Taslama Hazaryň kenarynda dürli gatdaky myhmanhanalaryň 50-den gowragyny, şeýle hem sport desgalaryny, şypahana toplumlaryny, restoranlary, söwda we işewür merkezleri gurmagy göz öňünde tutýar. Mundan başga hem Türkmenbaşyda halkara derejesindäki howa menziliniň (geçiriş ukyby sagatda 800 ýolagça çenli) infrastrukturasynyň desgalaryny, deňiz menzilini, şypahanany, howa menzilini şäher bilen baglanyşdyrjak awtomobil ýollaryny, gaz-turbinaly elektrik stansiýasyny, suw üpjünçiliginiň häzirkizaman ulgamyny we suw süýjediji desgalary döretmek hem-de döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem syýahatçylyk zolagynyň territoriýasy boýunça uzynlygy 7 kilometre golaý bolan emeli derýany çekmek göz öňünde tutulýar. Onuň hanasyny gazmak işi 2007-nji ýylyň dekabrynda başlandy.

Metbugat konferensiýasynda syýahatçylyk industriýasynyň desgalaryny döretmegiň we syýahatçylyk zolagynyň infrastrukturasyny ösdürmegiň esasan daşary ýurt maýa goýumlaryny we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz sektorynyň maýa goýumlaryny çekmek arkaly amala aşyrylýandygy barada bize gürrüň berdiler. Ýurduň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda «Awaza» syýahatçylyk zolagynda aýratyn hukuk, salgyt we gümrük düzgünleri ulanylýar. Syýahatçylyk zolagyna gelýänler üçin wizalary çaltlandyryp bermek göz öňünde tutulýar.

Belarus žurnalistlerine bu «şäher-bagy» ilkinjileriň biri bolup görmek miýesser etdi. Gepiň gerdişine görä aýtsak, bu ýerde biz bilen bilelikde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşan Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Ata Gündogdyýew bilen özümizde galan täsirler barada pikir alyşmak bize miýesser etdi. Jenap ilçi basym bu şypahana belaruslar üçin hem höwes bilen dynç alyş ýerine öwrüler diýip ynam bildirdi. Jenap diplomat bize unudylmajak täsirleri arzuw etdi, ýöne özüniň häzir dynç almaga wagtynyň ýokdugyny hem boýun aldy. Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary başlanýar, diýmek, täze meýilnamalaryň we taslamalaryň üstünde işlemek wezipesi öňde durýar.