Türkmentel-2009
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlaryň
we teleradioýaýradyş enjamlaryň atly halkara sergisi we ylmy amaly maslahaty
BAS PUDAGYN GAZANLARY GATNASYJYLAR GATNASYJY BOLUN ru | en
Katalogda bellige almak üçin ýüzlenme

Sergä gatnasmak barada resminamalaryn sanawy (talaplyk-sertnama)

Goşmaça enjam üçin talapnama

Wiza üçin talapnama

Mahabat katalogyna maglumat

Ministrlik

Gumruk haty

Rezidentler

Talaplyk şertnama


:: Hyzmatdaşlyk ::
22.06.2009
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň delegasiýasy tatar halkynyň baýramçylygy—Sabantuý mynasybetli şu gün bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşdy ›››

19.06.2009
Türkmenistan dünýä metbugatynyň sahypalarynda. «Belarus segodnýa» atly neşiri okyjylaryna «Hazardaky oazis» barada aýdyp berdi ›››

:: Sport we Syyahatcylyk ::
22.06.2009
Saglyk ýoluna köpçülikleýin çykylmagy bilen neşeleriň ulanylmagyna we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň Halkara gününe bagyşlanan çäreleriň tutuş toplumyna badalga berildi ›››
22.06.2009
Türkmen ýeňil atletikaçylary Almatyda däbe öwrülen halkara bäsleşiklerinde iki ugur boýunça ýurdumyzyň rekordlaryny täzeläp, dürli medallaryň sekizisini eýelediler ›››

:: Medeniyet we Miras ::

20.06.2009
Türkmen paýtagtynda «Baýram han we Mogollar şadöwleti» atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady ›››
18.06.2009
Aşgabatda UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň meseleleri boýunça milli seminar açyldy ›››



22.06.2009
Türkmen Döwlet habarlar gullugy

Sabantuý dostlaryny çagyrýar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň delegasiýasy tatar halkynyň baýramçylygy—Sabantuý mynasybetli şu gün bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşdy. Türkmenistanyň wekilleriniň arasynda türkmen atlylary hem bar, olar özleriniň şowhunly maksatnamasy—meşhur at üstündäki milli oýunlary bilen geldiler.

Şadyýan, pähimli Sabantuý—tatar halkynyň iň gadymy we söýgüli baýramlarynyň biridir, häzirki wagtda ol döwlet derejesinde bellenilýär. Azal baýramçylygy hökmünde döräp, ol turuwbaşdan topragyň oýanmagyny, ekerançynyň zähmetini, öňden gelýän duz-çörekliligi we myhmansöýerligi aňladýar.

Türkmen delegasiýasynyň Sabantuýa gatnaşmagynyň özi üstünlikli ösdürilýän türkmen-tatar gatnaşyklarynyň şaýatnamasydyr. Häzirki günde Tatarystan ozaly bilen awtoulag we dikuçarlar tehnikasyny ibermekde, ýurdumyzyň awtoulag sportuny ösdürmekde Türkmenistanyň iň iri hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. «Kamaz» kysymly awtoulaglar ýurdumyzyň ähli gurluşyklarynda işledilýär, Naberežnyýe Çelny şäherinden bolan awtoulag sürüjiler topary bolsa «Ýüpek ýoly—2009» ralli-reýdiniň bilelikdäki guramaçysydyr. Bary-ýogy birnäçe gün mundan ozal «KER-Holding» kompaniýasyna «Awazada» üsti ýapyk lyža toplumyny gurmak üçin ýer uçastogyny bölüp bermek baradaky sertifikat gowşuryldy. Aýratynam bilim we ylym babatlarynda gumanitar gatnaşyklar işjeň ösdürilýär.

Galyberse-de, bizi medeni gymmatlyklarymyzyň, dini däplerimiziň umumylygy birleşdirýär, biziň halklarymyz olaryň gadyryny bilýär. Aýawlylyk bilen goralyp saklanylýan milli baýramçylyklarymyz onuň subutnamasy bolup biler. Şolarda owadan halk däpleri, aýdymlar, tanslar, özboluşly dessurlar bilelikde utgaşyp gidýär. Türkmen we tatar halklary öz baýramçylyklaryny aýratyn giň gerim we şadyýanlyk bilen belleýärler.

Sabantuý munuň aýdyň mysalydyr, ol nesilleriň arabaglanyşygynyň, özara düşünişmegiň we jebisligiň alamatydyr. Onuň giň meýdanynda täze zehinler ýüze çykarylýar, adamlaryň arasynda ýönekeý, ýürekdeş gürrüňdeşlik başlanýar, ene diline, milli medeniýete, ata-babalaryň däplerine hormat goýmak duýgulary terbiýelenilýär. Sabantuýyň beýik ýaşaýyş güýji we onuň hakykatdan-da dünýä boýunça meşhurlygy hem şonda jemlenendir.

Baýramçylyk Sabantuýyň simwolyny—iki ujy gyzyl reňkli ak polotensäniň dabaraly ýagdaýda ýokary galdyrylmagy bilen başlandy. Ähli ýerlerde, Kazanda, respublikanyň beýleki şäherlerinde we obalarynda milli aýdymlar we mukamlar ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Dabaralar «Kazan» halkara atly sport toplumynda tamamlandy. Şol ýerde aklyňy haýran edýän at çapyşyklary we ahalteke bedewlerinde türkmen ýigitleriniň görkeziş çykyşlary boldy. Şowhunly maksatnama at üstündäki dürli milli oýunlary hem öz içine aldy, olar türkmen çapyksuwarlarynyň ajaýyp ussatlygyny, özleriniň «behişti bedewleriniň» deňi-taýy bolmadyk owadanlygyny görkezmäge mümkinçilik berdi, köp sanly tomaşaçylar olara tomaşa etmekden lezzet aldylar.