Hasaba alys resminamalar
- Katalogda bellige almak üçin ýüzlenme
- Sergä gatnasmak barada resminamalaryn sanawy (talaplyk-sertnama)
GATNASMAGYN UMUMY SERTLERI
- Sunun bilen Eksponent (mundan beýläk – Gatnasyjy) "TürkmenTel-2009" atly halkara sergisine gatnasýanlygyny hem-de talaplyk-sertnamanyn aýrylmaz bölegi bolup durýan gatnasmagyn umumy sertleri bilen razylasýandygyny tassyklaýar.
- Talaplyk-sertnama, sonundan hökmany tertipde asyl nusgasyny bermek serti bilen, Guramaça faks ýa-da elektron poçta arkaly iberilýär. Gatnasyjy özünin gatnasmagynyn bahasyny Talaplyk-Sertnamanyn berlen senesinden 5 (bäs) bank gününin dowamynda töleýär. Talaplyk-Sertnama gol çeken sergä gatnasyjy su resminamada beýan edilen sertleri we düzgünleri berjaý etmäge borçludyr. Dürli görnüsli üýtgetmeler ýazmaça görnüsde girizilmeli.
- Gatnasyjy su çykdajylar resminamasynda bellenilen ähli tölegleri doly töleýänçä, Asgabatdaky Sergi Kösgunde öz eksponatlaryny ýerlesdirmäge haky ýok.
- Gatnasyjy sergi pawilonynda serginin içerki tertip-düzgünlerinin ähli kadalaryny, seýle hem ýangyn howpsuzlygy we arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmäge borçlanýar.
- Guramaçy gatnasmagyn bahasyna gosulan hyzmatlary etmäge, sergä myhmanlary, hünärmenleri we söwda ýumusçylaryny çekmek boýunça isi amala asyrmaga borçludyr.
- Guramaçy sergini geçirmegi kynlasdyrýan ýa-da togtadýan fors-mazor ýagdaýlarynyn (sil alma, urus, raýat bidüzgünçilikleri, ýer titremesi, gabawlar we s.m.) netijesinde ýüze çykan ýitgiler, zeleller we gijikdirmeler üçin jogapkärçilik çekmeýär.
- Sergi pawilonynyn ekspozisiýasynyn meýilnamasy talapnamalaryn gelip gowusmagyna baglylykda düzülýär. Gatnasyjynyn islegi boýunça stend gosmaça enjam bilen üpjün edilýär we hususy buýurma laýyk taslamalasdyrylýar. Su ýagdaýda gatnasmak boýunça nyrhlar gosmaça ylalasylýar.
- Gatnasyjy sergide bellenilen tema laýyk önümlerini we hyzmatlaryny görkezýär. Ol sergä taýýarlyk görmek üçin zerur bolan ähli materiallary we maglumatlary Guramaça öz wagtynda bermäge, öz ekspozisiýasyny sergi baslamazyndan ön taýýarlamaga hem-de ony sergi gutarýança sökmezlige borçlanýar.
- Gatnasyjy sergi baslanmazyndan 30 gün önünden ona gatnasmakdan ýüz öwren ýagdaýynda Guramaçy Gatnasyjynyn tölän töleglerinin 50% gaýtarýar. Sergi baslanmazyna çenli 30 günden az wagt galanda ona gatnasmakdan ýüz öwrülen ýagdaýynda tölegler yzyna gaýtarylmaýar. Bu ýagdaýda Guramaçy eksponentin iberen eksponatlaryny we materiallaryny ýörite stendde ýerlesdirmek boýunça borçnamalary öz üstüne alýar. Hasaba alys ýygymlar gaýtarylmaýar.
- Töleg bellenilen möhletde Türkmenistanyn SSE-nin hasabyna gowusmadyk ýagdaýynda talaplyk-sertnama güýçsüz hasap edilýär.
- Serginin is tertibi:
- Gurnama isleri: 10–14 Sentyabr 2009 ý.
- Eksponatlary getirmek: 14–16 Sentyabr 2009 ý. sagat 9.00-dan 20.00-ä çenli
- Resmi açylys dabarasy: 17-19 Sentyabr sagat 10.00-da
- Serginin is günleri: 17–19 Sentyabr 2009 ý. sagat 10.00-den 18.00-e çenli
- Diplomlaň we sertifikatlaň dabaraly gowşyrylyşy Sergi köşgüniň konferans zalynda 2009-njy ýylyň 19-njy Sentýabrynda sagat 16.00-da
- Sökmek: 19–20 Sentyabr, 2009 ý. sagat 18.00-e
- Gurnama isleri: 10–14 Sentyabr 2009 ý.
- Resmi kataloga Gatnasyjy tarapyndan maglumatlary bermegin ahyrky möhleti – Avgust aýynyn 13-i. Sergä we Maslahata gatnasmak hakyndaky talaplyk sertnamany bermegin ahyrky möhleti – 2009-nji ýylyn Sentyabr aýynyn 8-i.
- Talaplyk-sertnama gol çekilen pursadyndan baslap güýje girýär we 31.10.2009 ý. hereket edýär. Sertnamanyn möhleti tamamlanandan son, taraplar isleri (hyzmatlary) kabul etmek-tabsyrmak delilnamalarynyn asyl nusgalaryny alsyp-çalsarlar.



